- otlamak
- 1işlikÖrä çykmak, ot iýmek.∙ Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawullyk çekýär. (A. Gowşudow, Eserler)◊ agza gelenini otlamak — Bolgusyz ýaňramak, gürlemek, samramak.2işlik[o:tlamak]1) Bir zada ot bermek, bir zady ýakmak, ýandyrmak, tutaşdyrmak.∙ Olar gapylaryndaky çöplemelerini otlajak boldular. (B. Kerbaýew Japbaklar)∙ Elindäki ody öçüp giden papirasyny ýere taşlap täzesini otlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Tokaý otla at gazan. (Nakyl)2) Herekete getirmek, işletmek, ýöretmek (içinden ot alýan dwigateller barada).∙ Aýsoltan: --Patdy maşyny otlasana! -- diýip, oňa igendi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)3) Oka tutmak, atmak, öldürmek.∙ Duşmany rehimsiz otlamak gerek. (N. Pomma, Saýlanan eserler)4) Gepleşik dili Çürkemek, kösemek, işini görmek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.